Ýakynda Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz—2025» atly şadyýan bäsleşigi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyza bildirýän ynamyny ödemek, ösüp gelýän ýaş nesliň sungata, döredijilige bolan söýgüsini, bilimlerini ösdürmek we kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen şadyýan bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşan eýjejik gyzjagazlar şol şertlere laýyklykda ýerine ýetiren joşgunly çykyşlarynda berkarar Watanymyza, beýik döwrümize çäksiz söýgüsini, bagtyýar çagalyga bolan buýsanjyny beýan etdiler.
Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen bäsleşikde birinji orna etrabyň 25-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Gülnar Şamyradowa, ikinji orna 42-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Nurana Tirkeşowa mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan eýjejik gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar ajaýyp mümkinçilikler döredip, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin atalyk aladalaryny edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.