AŞGABAT ŞÄHER TAPGYRY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz-2025» atly şadyýan bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň şerti boýunça gyzjagazlar bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Soňra bolsa bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp edip, öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 99-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Berdiýewa Nurgözel, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 38-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýlar Allaberdiýewa, 3-nji orna bolsa Aşgabat şäheriniň 139-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aýsenem Gurbanowa hem-de 33-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Nuryşewa Ogultagan dagylar mynasyp boldular we 1-nji we 2-nji orna mynasyp bolan gyzjagazlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmana hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar