MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI WE KEŞBI DÜNÝÄ SAZ MEDENIÝETINDE

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ÝUNESKO-nyň «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli ýaş kompozitorlaryň arasynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» atly yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy we ýeňijileriň konserti 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunuň şanyna ýurdumyzda giňden bellenilýän dabaralar bilen utgaşdy.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan aýdym-saz sungaty Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän milli aýdym-saz sungatyny düýpli öwrenmek, bu ugurda ýaş kompozitorlary täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak we bu sungatyň iň ajaýyp nusgalaryny dünýä derejesinde ýaýmak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Döredijilik däpleriniň ajaýyp nusgasyny ýadygär goýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet bossany, milli aýdym we saz medeniýetimizi hem baýlaşdyrdy. Magtymgulynyň goşgularynyň many-mazmunyna, düzüliş aýratynlyklaryna kybapdaş aýdymlaryň, heňleriň, mukam sazlarynyň ençemesi döredildi we döredilýär. Şahyryň döreden çuň mazmunly şygyrlary türkmen bagşylary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, diňleýjileriň köňül küýsegine öwrülip toý-dabaralary bezäp gelýär.

Döredijilik däpleriniň ajaýyp nusgasyny ýadygär goýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet bossany, milli aýdym we saz medeniýetimizi hem baýlaşdyrdy. Magtymgulynyň goşgularynyň many-mazmunyna, düzüliş aýratynlyklaryna kybapdaş aýdymlaryň, heňleriň, mukam sazlarynyň ençemesi döredildi we döredilýär.

Şahyryň döreden çuň mazmunly şygyrlary türkmen bagşylary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, diňleýjileriň köňül küýsegine öwrülip toý-dabaralary bezäp gelýär.

«Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» atly bäsleşiginiň geçirilmegi hem türkmen halkynyň

aýdym-saz medeniýetini, milli bagşyçylyk sungatyny çuňňur öwrenmekde, ýerine ýetirijilik aýratynlygy boýunça täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, milli sungatymyzy ajaýyp şygyrlary bilen baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlara we oňa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan diplomlar, hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary täze-täze döwrebap a
ýdym-saz eserlerini döretmäge ruhlandyrýan, parahat, bagtyýar we abadan Diýarymyzyň abraý-mertebesiniň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.