PARAHAT ÝURDUMYŇ REŇKLERE SIŇEN GÖZELLIGI

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýaş suratkeşleriň arasynda «Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky orta hünär ýörite sungat mekdepleriniň talyplaryň hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bu döredijilik bäsleşigi, ýaş suratkeşleriň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmakda, mährem zenanlarymyzyň abraý-mertebesini çeper eserleriniň üsti bilen beýan edýän ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz eserlerini nakgaşçylyk we grafika ugurlary boýunça hödürlediler. Onda eziz enelerimize aýratyn hormat goýmak, ony mukaddeslige deňemek ýaly ýörelgelerden ugur alnyp, mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy beýan edýän işler öz ornuny tapdy.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen sungatynyň ösmegi, kämilleşmegi hem-de ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Azady MYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.