Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň “Türkmen owazy” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu gezekki sanyna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy, 2019-nji ýylda “Ýaňlan, Diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Allaberdi Amanow gatnaşdy. Gepleşigiň dowamynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiziň ösüş menzilleri, döredijilige, sungata goýulýan sarpa, döredijiligiň ýaş wekilleri üçin döwlet derejesinde döredilýän giň mümkinçilikleri dogrusynda gürrüň edildi. Gepleşigiň dowamynda aýdymçy tarapyndan watanmyzy, mähriban enelerimizi wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.
Duşuşyga gatnaşanlar çykyşlarynyň ahyrynda medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Orazgül ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Umumy bölüminiň baş hünärmeni.