BAÝRAMÇYLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Güller gözelligi sizden öwrener» atly şygar astynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler Halkara zenanlar güni mynasybetli toplumyň zähmet çekýän zenanlaryny gutlap dabaranyň dowamynda olara ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Dabaranyň ahyrynda zenanlarymyz döredilip berilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Uzykjemal GARAGULYÝEWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň başlygy.

Öňki makala

BIZ OWAZ BILEN

Indiki makala

HALKARA ZENANLAR GÜNI