IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ — 2025

Lebap welaýat Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda ýylyň-ýylyna geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Onda bäsleşigiň şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan 2-4 synplarda okaýan gyzjagazlar öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Gyzjagazlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar milligimize, sungatymyza, medeniýetimize bolan söýgüsini şahyrana sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Bäsdeş gyzjagazlar özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi ýerine ýetirmek boýunça hem başarnyklaryny açyp görkezdiler. Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan bäsleşigiň netijeleri boýunça 1 orna Saýat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýgözel Muhammedowa, 2 orna Köýtendag etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aknur Haýitmuradowa dagylar mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan eýjejiklere we işjeň gatnaşan şadyýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Rahman ERGEŞOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI