«TALYP GÖZELI – 2025» GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENDI

Her ýyl däp bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Halkara zenanlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli – 2025» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp gyzlaryň 23-si gatnaşdy. Olar türkmen gyzyna mahsus bolan edep-ekramlylygy, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we zenan mertebesine goýulýan sarpany, saýlap alan hünärine, mukaddes Watanymyza bolan söýgini, şeýle hem özleriniň döredijilik ukyplaryny görkezdiler.

Gözellik bäsleşiginiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, Baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Çaryýewa Aýlar mynasyp boldy. 1-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş talyby Gulowa Ogulhajar, 2-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Hojaýewa Güljahan, şeýle hem 2-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Annabaýewa Kümüş dagylar mynasyp boldular. 3-nji orunlary Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Mamanowa Gülşirin, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Ýagmurowa Akmaral, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Mätiýewa Sahydursun dagylar paýlaşdylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesini häzirki buýsançly döwürde wagyz etmekde mundan beýläk hem joşgunly zähmet çekjekdiklerini hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny giňden dabaralandyrmakda öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Mahym SELIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar