«ZEHINLIJE» TELEGEPLEŞIGINIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, Watanymyza, halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, döwrebap mümkinçilikler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda zehinlije körpeleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, yzygiderli geçirilýän « Zehinlije» atly telegepleşiginiň täze sany ýazgy edildi.

Oňa Lebap welaýatyndan 11(on bir) sany zehinli çagalar gatnaşdylar. Çagalaryň arasynda heniz kiçijikligine garamazdan el işlerinden ussatlyk bilen baş çykarmagy guwandyryjydyr. Gepleşigiň dowamynda körpeje zehinleriň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary, ýürek buýsançlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri bolup ýaňlandy.

 

Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

06 Awgust 2025 | 41 okalan

BITARAPLYK ÝURDUŇ GOŞA GANATY

06 Awgust 2025 | 31 okalan

WATANYMYZYŇ MERDANA GORAGÇYLARY

06 Awgust 2025 | 47 okalan

MAŞGALA MUKADDESLIGI