Ýaňy ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda Türkmenbaşy jins toplumynyň işgärleriniň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bilen bagly hem-de ýaşlary watançylyk ruhynda terbiýelemek, zyýanly endiklerden daşda durup, ahlak taýdan arassa, kämil pikirlenmäge ukyply ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen “Maşgala agzybirligi-ýurduň jebisligi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygyna ýörite çagyrylan myhmanlar, toplumyň jemgyýetçilik guramalary gatnaşyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlarymyz üçin döredilýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp ýaşlary tertip düzgün kadalaryny dogry dürs berjaý etmek boş wagtlaryny täsirli manyly geçirmegini gazanmak hakynda giňişleýin çykyşlar edildi.
Duşuşygyň ahyrynda döredilip berilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Güljahan HOJAMMAÝEWA,
Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.