Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 49-njy orta mekdebinde okap bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda «Zenan – zemin zynaty» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Aýgül Dodyýewa, 49-njy orta mekdebiniň kätibi Nurtäç Nurýagdyýewa çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimizi dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, zenanlarymyzyň abraý-sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Oraz ANNAÝAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.