Düýn paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli yglan edilen bäsleşige welaýat, Aşgabat, Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlara eýe bolan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar.
Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşige umumybilim berýän orta mekdepleriň 2 — 4-nji synplarynda okaýan gyzlar gatnaşýarlar. Onuň maksady zehinli gyzjagazlary ýüze çykarmakdan, ýaş nesilleriň milli amaly-haşam sungatyna bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna eýjejik gyzjagazlaryň 14-si gatnaşyp, üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Olar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli lybaslary geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek ýaly ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzjagazlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, goşgularynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleriň, ata Watanymyzyň, bagtyýar çagalygyň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, mähriban enelerimiziň, bahar paslynyň waspy öz beýanyny tapdy.
Bäsleşigi guraýjy düzümleriň wekillerinden, belli medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary gyzjagazlaryň her bir çykyşyna, el işlerine mynasyp baha berdiler. Olaryň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýnäzli Jepbarowa 1-nji, Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 2-nji synp okuwçysy Gülnar Gurbangulyýewa hem-de Saýat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýgözel Muhammedowa 2-nji, Tejen etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Gülnäz Şamyradowa, Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Melek Esenowa, Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arzuw Amanowa bolsa 3-nji orundan paýly boldular. Eminler topary bäsleşige gatnaşan beýleki ýaş zehinleri hem olaryň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna görä, «Mahmal owazly gyzjagaz», «Milli zynatly gyzjagaz», «Çeper waspçy gyzjagaz», «Watançy gyzjagaz», «Şahandaz gyzjagaz», «Saýrak dilli gyzjagaz», «Şirin owazly gyzjagaz» diýen ugurlar boýunça sylaglady.
Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.