Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi we Aşgabat şäher polisiýa müdirligi bilen bilelikde guramaklarynda 49-njy orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden myhmanlar okuwçylar bilen ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we kadalarynyň berjaý edilişi, zyýanly endikleriň adamyň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýetirýän ýaramaz täsiri, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek hem-de ýaşlaryň gatnaşmagynda ýol hereketi bilen bagly ýüze çykýan kanun bozulmalar, ýaşlary sagdyn durmuş we türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek, internet ulgamyndan peýdalanmagyň ähmiýeti we bu ulgamdan jemgyýete ters görelde bolýan wideo ýazgylary, suratlary, maglumatlary almaklygyň we goýmaklygyň gadagandygy hem-de ýaşlaryň bu ulgamda özleriniň peýda bolmazlygy barada düşündirdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilip berilýän şertler mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýtdylar.
Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.