«BIZIŇ ÝERLER – BEHIŞT ÝERLER, BU ÝERLER...»

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli «Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler...» atly fotosurat bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň çäginde talyp ýaşlar we mekdep okuwçylar institutyň ýazgy studiýasy we redaksiýasy bilen tanyşdylar hem-de sergisine syn etdiler. Geçirilen çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary hem-de institutyň adyndan hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 106 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 33 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI