GARAGUM SÄHRASYNYŇ TÄSINLIKLERI

Türkmen tebigatynyň täsinlikler dünýäsini özünde jemleýän Garagum sährasy hiç bir adamy biparh goýmaýar. Çar tarapy gözýetime çenli uzaýan sähranyň keşbinde ynsan kalbyna ýakynlyk bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Garagum sährasy baradaky çuň aladalary ynsan bilen gözel tebigatymyzyň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ummasyz baýlyga hem-de täsin keramata eýe bolan türkmen sährasynyň diýseň ajaýyp keşbinde özüne çekijilik bar.

 Hut şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiz Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyna, onuň gaýtalanmajak ösümlik dünýäsine aýawly hem-de aňly-düşünjeli çemeleşmegiň zerurdygyny belleýär. Garagum sährasy özüniň biologik köpdürlüligi boýunça tapawutlanýar. Bu ýerde gülli ösümlikleriň 750-den, guşlaryň 200-den gowrak görnüşleri duş gelýär. Garagum sährasynyň dermanlyk ösümlikler dünýäsi baradaky ylmy garaýyşlar Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ajaýyp kitabynda giňden beýan edilýär. Munuň şeýledigine, şol kitapda Garagum sährasynda ösüp kemala gelýän 100-den gowrak dermanlyk ösümlik barada maglumat berilmegi hem, onuň subutnamasydyr.  

 Garagum sährasyndaky dermanlyk ösümliklerde biologik işjeň maddalaryň has tapawutly bolmagy, bu ýerleriň gurak howasyna hem-de gün çogunyň köp düşýändigine baglydyr. Garagum sährasynyň özboluşly jana şypa beriji, tenekar howasy, tylla reňkli çägesidir ulgam-ulgam bolup duran gum depeleri, onuň ösümlikdir haýwanat dünýäsi her birinmiziň şeýle hem ol sanda ösüp gelýän ýaş nesillerde öz Watanyna bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Şeýle-de, olaryň kalbynda eziz Watana bolan buýsanç hem-de mukaddeslik duýgusyny kemala getirýär.

Goýnunda köp baýlyklary saklaýan Garagum sährasynyň asyl durkuny gorap saklamak, ol ýeriň ösümlik we haýwanat dünýäsini, onuň ajaýyplyklaryny indiki nesillerimize ýetirmek – her bir Türkmenistanlynyň raýatlyk borjudyr.

Umar BABAÝEW,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň bölümçe başlygy,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 12 okalan

MAŞGALA DARAGTY

01 Iýul 2025 | 12 okalan

DÜÝELER ÜÇIN HASSAHANA