NOWRUZ GELDI ÜLKÄME

Şu günler Halkara Nowruz güni mynasybetli, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlanýar. Golaýda täzelenişiň, nowjuwanlygyň, galkynyşyň, gülleýişiň baýramy bolan milli bahar baýramy mynasybetli, Görogly etrabynyň medeniýet öýüniň dabaralar meýdançasynda “Nowruz geldi ülkäme” atly şygar bilen giňden tutulan türkmen toýunyň şowhuny etrabymyzyň ýaşaýjylarynda uly ruhubelentlik döretdi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň etrabyň häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda hatara düzülen ak öýler, haly düşelen şekiller, bereketli gazanlar, ruhubelent aýdym-sazlar we şatlyk-şowhunly çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Älemgoşar öwüşginli bezegleri bolan öýleriň ýanynda hoş owazly aýdymlar belentden ýaňlandy. Folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Baýramçylyk äheňinde bezelen belent başly hiňňildiklerde bat alýan ýaşlaryň şatlykly sesleri dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Şeýle hem, etrabyň çagalar sungat mekdebiniň bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde dessanlardan parçalar hem-de ýaş suratkeşleriň çeken suratlary dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çärede etrabyň sport janköýerleriniň çykyşlaryna hem tomaşa edildi.

Dabara gatnaşanlar ýurdumyzyň asudalygy hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna uly buýsanç bilen alkyş sözlerini aýtdylar.

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN