Ahal welaýatynyň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça asylly işde hemişe öňhatarda bolýarlar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 22-nji martda giňden ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasy hem munuň subutnamasy boldy. Ählihalk bag ekmek dabarasy welaýatymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçip, oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleriniň işgärleri, Ýaşlar guramasynyň agzalary uly ruhubelentlikde gatnaşdy.
Welaýat derejesindäki esasy bag ekmek dabarasy Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çäginde geçirilip, onuň barşynda 10 gektar meýdanda pürli bagyň 4 müň düýbi oturdyldy. Ýaşlar ýaş bag nahallaryny oturtmak bilen birlikde, ozaldan ösüp oturan baglaryň idegini ýetirmekde hem yhlaslylyk görkezdiler.
Dabaranyň geçýän ýerinde welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň, tans-halk döredijilik toparlarynyň milli öwüşginli, şirin owazly, belent mukamly sungat çykyşlaryna, şeýle-de dürli baglaryň we bezeg ösümlikleriň sergilerine giň orun berlendigini hem bellemek ýakymly. Bu bolsa, ählihalk bag ekmek dabarasyna hakyky toý ruhuny berdi.
Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.