DOSTLUGYŇ WE YNSANPERWERLIGIŇ BAÝRAMY

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen, türkmen halkynyň Milli bahar — Halkara Nowruz baýramynda umumadamzat medeniýetiniň dürdäne gymmatlyklary, baýramçylygyň täsin däpleri, onuň bilen bagly edebi eserler, halk oýunlary, bereketli türkmen topragy, myhmansöýer halky, toý saçagynyň bezegi bolan milli tagamlary we ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Nowruzyň taryhy gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňýyllyklardan bäri Nowruz baýramyny täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň başlangyjy hasaplapdyrlar. Halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan bu taryhy baýram watandaşlarymyzy belent sepgitlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Nowruz baýramy güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän naýbaşy milli baýramçylyklaryň biridir.

Nowruzyň tebigat bilen baglylygy ony adamzat gymmatlygyna öwürýär. Bu baýramçylyk özara dostlugy pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen jebisleşdiriji häsiýete eýedir. Ol halklary birleşdirip, olaryň taryhy kökleriniň we medeni gözbaşlarynyň umumylygyny beýan etmek bilen bir hatarda, halklaryň hormat goýýan ruhy gymmatlyklaryny şöhlelendirýär. Nowruzyň halkara we medeni ähmiýetini onuň adamzadyň gowy ahlak häsiýetlerini, ýürek buýsanjyny özünde jemlemegi bilen häsiýetlendirilýär.

Her ýylda Nowruz baýramçylygynyň giňden bellenilýän günlerinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryny  talabalaýyk ideg etmek maksady bilen ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowary geçirilýär. Munuň özi tebigaty goramak, ondan rejeli peýdalanmak we oňa sarpa goýmagyň ahlakly däplerini wagyz etmek, Watana bolan wepalylygyň we hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň taryhyny düýpli öwrenmäge, olary wagyz etmäge, halkymyzyň ajaýyp toý-baýramçylyklaryny şatlyk-şowhun bilen bellemäge giň mümkinçilik döredilýär. Nowruz türkmen milli baýramy bolmak bilen, halkymyzyň gadymy dünýägaraýyşlarynyň iň gowy däplerini özüne siňdirip galypdyr. Dünýäde dabaraly bellenilýän Nowruz baýramy adamzadyň medeni mirasynyň umumylygyny we bitewiligini, onuň köp asyrlyk däplerini şöhlelendirýär.

Jennet NURIDDINOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Meňzeş habarlar