Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ekologiýa hepdeligi» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Çärä gatnaşan talyp ýaşlar Watana bolan söýgüsini, buýsanjyny ösdürmek we ýaýbaňlandyrmak, talyp ýaşlarda ekologiýany we daşky gurşawy goramaklyga bolan höwesini artdyrmak we şonuň bilen birlikde olaryň arasynda päkligi, dost – doganlygy berkitmek we alýan bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen aýdym sazlara aýratyn orun berildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Röwşen MODYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.