MÖHÜM ÄHMIÝETLI WAKALAR KALPLARA BUÝSANÇ PAÝLAÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallallary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň babadaýhanlaryny halal zähmet çekip ene toprakdan bol hasyl almaga ruhlandyrýar. Şu gün hem, Lebaply babadaýhanlarymyz gowaça ekişine başladylar. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan sergiler we welaýatymyzyň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary bilen özboluşly baýramçylyk dabarasyna öwrüldi.

Manzura BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygynyň kätibi.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI