DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHER TAPGYRY GEÇIRILDI

Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşik mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçirilip  olar üç ugur boýunça,ýagny, surat çekmek we amaly haşam sungaty, aýdym-saz we tans sungaty, türkmen milli oýunlary boýunça bäsdeşdiler. Eminler toparynyň netijesi esasynda birinji şert boýunça Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Selbi Saparowa, ikinji şert boýunça Aşgabat şäheriniň 99-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa, üçünji şerti boýunça Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Hoşgeldi Rasulow dagylar ýeňiji bolup bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar özleri üçin döredilýän şertler we mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 106 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 33 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI