Milli mirasymyz ýaşlary watansöýüjilik ruhynda terbiýeläp ýetişdirmeklikdäki ähmiýetini hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr. Hormatly Prezidentimiz bu gymmatlyga aýawly çemeleşmegi ony doly öwrenmegi we geljekki nesillere ähli gözelligi bilen ýetirmekligi öwredýär. Ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa bolan sarpany , zähmeti, söýgini döretmek maksady bilen Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda Seýdi şäher kitaphanasyndaky ýaşlaryň gatnaşmagynda “Kitap-ýaşlaryň göwün syrdaşy” ady bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynyň müdiri Maral Durdyýewa, kitaphanaçy Nasiba Täjiýewa şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Dursunjemal Saryýewa dagylar çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda duşuşyga gatnaşanlar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän , hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Dursunjemal SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.