BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz şäheriniň medeniýet merkezi bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Ýaşlar” merkezinde milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni mynasybetli, “Asyrlaryň jümmüşinden seslenip, Nowruz gelýär ak güllere beslenip” atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Çärede Daşoguz şäheriniň medeniýet mezkeziniň höwesjeň aýdymçylarynyň “Nowruz” baýramçylygyny, bahar paslyny hem-de ýurdumyzyň gözel tebigatyny wasp edip, ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Bu dabara özüniň ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.

Dabara gatnaşanlar öz çykyşlarynda şeýle ajaýyp döwürde ýaşlara okamaga, döretmäge, dynç almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny beýan etdiler.

Çynar MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN