Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Hususan-da, Türkmenistan, ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmekde özara bähbitli halkara başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulgamlaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, BMG-niň Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen ygtybarly gatnaşyklaryň sazlaşygyny döretmekde durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Dünýäniň iri ykdysady ulgamlaryny birleşdirýän döwletara we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, halkara ulag gatnawlaryny ösdürmegi maksat edinýän Ýewropa — Kawkaz — Aziýa geçelgesini (TRASEKA) atlandyrmak bolar.
Ýurdumyzyň bu düzümler bilen hyzmatdaşlyga 1993-nji ýylda TRASEKA maksatnamasynyň başyny başlaýjy Brýussel Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen badalga berildi. Berkarar döwletimiziň bu geçelge boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin amatly geoykdysady we geosyýasy ýerde ýerleşmek bilen, onuň gatnaşyjysy bolup çykyş etmegi milli ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga itergi berýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň TRASEKA taslamasyna gatnaşmagy sebitiň möhüm ulag merkezi derejesini pugtalandyrmak, şeýle hem iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen tagallalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. TRASEKA geçelgesi dürli görnüşli ulaglary ulanmak arkaly ýükleri ýeke-täk ulag resminamasy bilen geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu geçelge boýunça söwda hyzmatdaşlygyny etmekde, ýükleri daşamakda, howpsuz we ykdysady taýdan amatly serişdeleriň biri deňiz we derýa ulaglary hasaplanýar. Deňiz ulagy suw üsti bilen ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň ýokary derejesi hem-de öz hödürleýän hyzmatlarynyň döwrebap taslamalary bilen tapawutlanýar. Deňiz ulagy daşary ykdysady gatnaşyklary amala aşyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.
Ata Watanymyzda deňiz we derýa ulaglary pudagynyň hukuk we guramaçylyk binýatlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawlary kodeksi hereket edýär. Kodeksde söwda deňiz gatnawy çygrynda döwlet dolandyryşynyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de söwda deňiz gatnawlaryndan gelip çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2011-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny hem-de Türkmen deňiz flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasy tassyklandy. Baş meýilnamanyň maksady «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglaryny çalt depginler bilen ösdürmek we onuň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagyny gazanmak hem-de täze iş orunlary döretmek bolup durýar. Halkara deňiz portunyň esasy ýerine ýetirýän işleri harytlary ýüklemek we düşürmekden, ammarlara ýerleşdirmekden we gorap saklamakdan, portlara gelýän gämileriň howpsuz girip-çykmaklaryny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu Halkara deňiz porty Ýewropadan — Aziýa, Aziýadan — Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň «Deňiz derwezesi» bolup hyzmat eder. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle diýýär: «Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly, iňňän ýokary netijeleri gazanyp, Orta Gündogaryň, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr».
Giň möçberli ulag halkasy hökmünde çykyş etjek Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi, onuň ykdysady taýdan maksadalaýyk bolmagy bilen bir hatarda, müňlerçe täze iş ornuny döredýändigi nukdaýnazaryndan ähmiýeti uludyr. Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen terminallaryň her birinde bioarassalaýyş enjamlary ornaşdyrylan. Taslama “Ýaşyl port” (Green port) halkara ülňülerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Täze deňiz porty taslama boýunça parom, ýolagçy we konteýner terminallary öz içine alýar. Topluma umumy ýükleýji terminal, ürgün ýükleri we polipropileni ýükläp ugradýan terminallar hem-de gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary hem girýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Maý aýynyň başynda bolsa biz Hazar deňiz portuny işe girizeris. Portuň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen biziň ulag boýunça başlangyjymyzyň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli» diýip belledi. Iň öňdebaryjy tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan bu häzirkizaman deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň sebitiniň döwletlerine çykmak üçin doly amatly şertleri döreder. Bu bolsa örän uly möçberli ýükleriň daşalýan aralygyny hem-de möhletini ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de bu taslamanyň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýany, Hazar deňziniň sebitiniň, Gara deňiz sebitleriniň ýurtlary bilen baglanyşdyryp, Günorta we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna çykalgany üpjün edýän Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini hem ýakynlaşdyrýan täze geoykdysady giňişligiň döremegine getirer. Täze port Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine, senagat we ulag düzümini ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge goşmaça kuwwatly itergi berer hem-de iri maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder. Şeýle-de, port deňiz gämilerini tutuş ýylyň dowamynda kabul etmäge, gije-gündiziň dowamynda ýükleri ýüklemek we düşürmek işlerini amala aşyrmaga ukyply bolar. Şeýle hem Halkara deňiz porty arkaly eksport-import ýükler, üstaşyr (tranzit) ýükler, nebit we nebit önümleri, senagat pudagynyň enjamlary, gurluşyk enjamlary we beýleki ýükler daşalar. Munuň özi, geljegi has-da uly bolan bu Halkara deňiz portunyň Hazar, Merkezi Aziýa sebitinde dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat etjekdigine, bu hyzmatdaşlygyň geljekde hem geriminiň giňäp, pugtalanjakdygyna şaýatlyk edýär.
Umuman, Türkmenistanyň halkara giňişliginde barha ösýän, täsiri we ähmiýeti nukdaýnazaryndan, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ulag ulgamyndaky ösüşler we özgertmeler halkara hyzmatdaşlygynyň köpugurly we netijeli bolmagynda öz beýanyny tapýar. Döwrebap ulag-aragatnaşyk ýollarynyň geçelgeleriniň döredilmegi ykdysadyýetiň pudaklarynyň durnukly ösüşine hem oňyn täsir edýär, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä götermäge mümkinçilik döredýär.
Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet we hukuk institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
03.05.2018ý.