Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramagynda,etrabyň 1-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak oýlap tapmasydyr. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýýandyr. Kitap, elbetde, ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Dost bilen gatnaşygyň bolsa edebi, medeniýeti bardyr. Şonuň üçin hem kitaby diňe bir okamak ýa-da gowy görmek ýeterlik däl. Ony gorap saklamak gerek. Okamak üçin alnan amanat kitaby bolsa gözüň göreji ýaly aýawly saklamaly. Akylly okyjy kitap okap, durmuşy öwrenmeli we durmuşy öwrenip, eser ýazmaga synanyşmaly diýip özleriniň çykyşlarynda belläp geçdiler.
Ýurdumyzyň kitaphanalarynda döwrebap iş usullaryndan, sanly tehnologiýalardan peýdalanmagy kitaphana hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän, şeýle ajaýyp zamanany, Berkararlygy, Bagtyýarlygy peşgeş berip, halkymyzy bagtly durmuşda ýaşamaga, okamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Ýolly ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.