Düýn Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşik mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçirilip olar üç ugur boýunça,ýagny, surat çekmek we amaly haşam sungaty, aýdym-saz we tans sungaty, türkmen milli oýunlary boýunça bäsdeşdiler. Eminler toparynyň netijesi esasynda birinji şert boýunça Çärjew etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň 5-nji ,,B’’ synp okuwçysy Anwarowa Eneş, ikinji şert boýunça Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 4-nji “B’’ synp okuwçysy Töräýew Umyt, üçünji şerti boýunça Köýtendag etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 4-nji “B” synp okuwçysy Anwarow Allanur dagylar ýeňiji bolup bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar özleri üçin döredilýän şertler we mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Dinara KARIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni.