TELEKEÇILIK – HALAL KESP

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň Gubadag şäherinde ýerleşen “Türkmen çarwa” hususy kärhanasynda “Telekeçilik halal kesp” atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda telekeçilik ulgamynyň hem gülläp ösýändigini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen, birleşmäniň ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginde içerki we daşarky bazarlarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze neslini ýetişdirmäge güýçli itergi berýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, ýurdumyzda bazar bolçulygyny kemala getirmek işlerinde hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýandyklaryny, telekiçilik işini alyp barýan taraplara döwlet goldawynyň berilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüňlerini beýan etdiler.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar ata Watanymyzda telekeçiligi ösdürmeklige giň ýol açyp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çary SAPAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň Gubadag

şäher bölümçesiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

HANY BAKALY, GYZLAR!

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN