Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak, nika bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen ‹‹Nesil terbiýesi-maşgaladan başlanýar›› ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda, ýaşlaryň we ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgalanyň iki sany deň adamdan başlap ‹‹Maşgala jemgyýetiň öýjügi›› diýen düşünjeden gelip çykýandygyny aýratyn nygtadylar.
Duşuşygyň myhmanlary maşgala ynsan durmuşynyň gözbaşy hasaplanýandygyny aýratyn belläp maşgalanyň agzybirligi, jebisligi jemgyýetiň ösüşine öz täsirini ýetirýändigini, türkmençilikde maşgala bitewiligini ähli zatdan belentde tutup, şonuň üçin hem agzybir maşgalany hem döwletli hasaplaýandygyny aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda maşgala mukaddesligine belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň işgärler işi boýunça
esasy hünärmeni.