Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Bagtyýar çagalar - geljegiň nury» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan bejeriş işleri barada, çagalaryň saglygyny berkitmäge, olaryň hukuklaryny goramaga, şeýle hem doly derejeli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen netijeli işler, şeýle-de gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalara edilýän ýüzlerçe operasiýalar we lukmançylyk hyzmatlary dogrusynda gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.