Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplaryndaky öwüt-ündewleri ýaşlara wagyz-nesihat etmek maksady bilen, «Ylymly-bilimli bagtyýar ýaşlar» atly çäre geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň «Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, geçirilen çärede çykyş edenler kitaba uly hormat goýýan hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny döwlet syýasatynyň wajyp ugry hökmünde kesgitleýändigini şeýle hem täze taryhy döwürde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döwrebap bilim almaga, ylym öwrenmäge, göwün söýen hünärleriniň eýeleri bolmaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Orazgül AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.