Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny we dolandyrylyşyny sanlylaşdyrylan esasda ösdürmäge, döwrebap derejede dolandyrmaga uly üns berilýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde döredilen birnäçe toplumlaýyn taslamalar we ornaşdyrylan sanly mümkinçilikler bilimiň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmaga täsir etdi. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamy işläp başlady. Bu ulgam okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýär. Onuň üsti bilen okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berilýär.
«E-mekdep» ulgamynda ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek arkaly olaryň bilimine goldaw bermek üçin örän peýdaly mümkinçilikler döredilen. Mysal üçin, okuwçynyň okuwa gatnaşygy barada maglumatlar, islendik wagt, işde bolsun ýa-da öýde, hakyky wagt tertibinde, ýagny onlaýn usulynda dessine SMS ýa-da sanly duýduryş görnüşinde «E-mekdep» mobil goşundy arkaly habarly bolup bilýärler.
Okuwçynyň okuw sapaklarynda alan bahalary «E-mekdep» ulgamynyň ýörite programmalarynyň, enjamlarynyň we algoritmleriniň üsti bilen seljerilip, onuň haýsy okuw derslerine has köp höwesiniň bardygyny aňsatlyk bilen kesgitlemek mümkin. Şeýle hem, bu ulgam arkaly ata-eneler mugallymlar bilen aragatnaşygy döwrebap usulda guramaga mümkinçilik alarlar, olar mugallymyň bellikleri, okadýan mugallymlar barada maglumatlar bilen tanşyp bilerler.
Häzirki wagtda «E-mekdep» ulgamy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ähli orta mekdeplerinde ornaşdyryldy, beýleki welaýatlaryň orta mekdeplerinde bu platformanyň ýola goýulmagy boýunça işler alnyp barylýar.
Ýeri gelende bellesek, «E-mekdep» ulgamy dünýäde bilim ulgamynyň ösen ähli ýurtlarynda ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilim edaralarynda okuwlaryň iň häzirki zaman usuly arkaly ýola goýulmagyna, bilim edarasy bilen okuwçynyň arasyndaky baglanyşygyň sanly usul arkaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde «E-mekdep» ulgamynyň daşary ýurt döwletlerindäki ugurdaş platformalardan tapawutlylykda, okuwçynyň şahsy bilim ýolunyň seljerme modulyny hödürleýändigi aýratyn bellärliklidir.
Platformadaky elektron žurnalda indi sanawlar, seneler we meýilnamalar awtomat doldurulýar, esasy üns çagany bahalandyrmak we bilimli, terbiýeli edip ýetişdirmek bolmagynda galýar.
Belläp geçsek, ähli maglumatlary bir ýerde jemleýän bu platforma hemme okuwçylar, mugallymlar, ata-eneleri bir ýerde maglumat ýöretmäge, ähli gerekli sanawlary awtomat almaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de mekdep boýunça hasabatlary indi bir düwmede taýýar ýükläp alyp bolýar, ulgam ýöredilşini şekillerde gözegçilik etmäge şert döredýär.
Häzirki wagtda «E-mekdep» ulgamyny doly işjeň ýagdaýynda «Google Play» ýa-da «Appstore»-dan «emekdep» sözüni gözlemek arkaly, onuň mobil goşundysyny göçürip alyp bolýar.
Şeýle taslamalaryň bilim ulgamynyň işinde işjeň peýdalanylmagy we netijeli ulanylmagy, häzirkizaman bilim özgertmeleriniň talaplaryna laýyk gelýär we oňyn ähmiýeti bilen tapawutlanýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hem milli bilim özgertmeleriniň çäklerinde netijeli işlemäge we has döredijilikli zähmetler bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Aýjemal MÄMMETDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiniň müdiri.