ÝAŞLAR – WATAN KUWWATY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň etrap jemgyýetçilik guramalary, şeýle-de hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramagynda ýaşlarda watansöýüjilik ýaly ýokary ahlak häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýaşlary durmuşa taýýarlamak, olara dürli ugurlarda goldaw bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenen. Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagyň, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmagyň uly ähmiýetiniň bardygy barada aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde barha belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar