Golaýda Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we Sport baradaky baş müdirliginde «Bütindünýä Saglyk güni» mynasybetli Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň hem-de Çärjew etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymlarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeniniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş we innowasiýalar eýýamynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Köpçülikleýin sporta gyzyklanma, sport çäreleri ähli welaýatlarda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. “Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Saglyk gününiň her ýyl bellenilmegi 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bütin dünýäde saglyk güni hakynda maglumat beriş-wagyz ediş çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzda bolsa şeýle möhüm çäreler her ýyl aprel aýynyň bütin dowamynda işjeň ýagdaýda geçirilýär. Bu çäreler adamlaryň saglygyň durmuşda nähili uly ähmiýete eýedigine doly düşünip bilmekleri üçin guralýar diýip uly buýsanç bilen aýdyp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar berkarar döwletimiziň gülläp ösmeginde asylly işleri amala aşyrýan täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy röwşen geljege alyp barýan, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary edýän, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, ilat saglygyny ähli zatdan öňde görýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.