SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESINE EÝERILÝÄR

Şu gün Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji ota mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, «Saglyk» döwlet maksatnamasyny işjeň durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri wagyz etmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Sport – kämillige badalga» atly şygar astynda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň her birinden alty okuwçydan ybarat toparlar gatnaşdylar.

Çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 41 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 373 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR