SPORT — SAGLYGYŇ GÖZBAŞY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň sport meýdançasynda etrabyň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, ýetilen belent sepgitler örän guwandyryjydyr. 2025-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionaty hem milli sporty dünýä ýaýmakda möhüm ädim bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, sport çäreleri we bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Sport bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Bezigen ORAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.

 

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI