Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitindäki täsirli çykyşynda «Türkmenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge hem ygtybarlydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi we «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Parahat durmuş — şöhraty dünýä ýaň salýan Watanymyz» ady bilen aýdym-sazly brifing duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň we nyşanynyň many-mazmuny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen BMG-niň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasy, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, goňşy döwletler bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alnyp barylýan ägirt uly işler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler barada giňişleýin söhbet edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar watansöýüji, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Röwşen MODYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.