Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenbaşy şäher Köpugurly hassahanasynyň mejlisler zalynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň arasynda “Saglyk — abatlyk” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda netijeli işleriň amala aşyrylýandygy, “Saglyk” döwlet maksatnamasy esasynda ulgamyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.