TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölüminiň we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde guramagynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek, jemgyýetçilik ýerlerde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmekligi ýaşlara düşündirmek maksady bilen, 5-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy, her ýyl hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň “Soňky jaň” dabaralarynyň döwrebap geçirilmegi, onuň ýatda galyjy bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi, şunda tertip-düzgüni berjaý etmegiň zerur bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesilleriň ýagty geljegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Abat MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň işgärler işi boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar