Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde guramagynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek, jemgyýetçilik ýerlerde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmekligi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen, 1-9-njy orta mekdepleriň uçurymlarynyň arasynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ýaşlaryň mynasyp goşant goşmalydygyny, olaryň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, arassa ahlakly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleriniň abadan durmuşymyzyň aýdyň güwäsidigini belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ajaýyp zamanamyzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.