Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde berkarar Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan halkara başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe bolýar, ýurdumyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Häzirki şanly günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab – kwartirasyndan Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň Tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyz, halkymyz üçin şatlykly waka boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, dostlukly gatnaşyklaryň dabaralanýan ýylynda kabul edilen täze Kararnama bilen Baş Assambleýa tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegiň kesgitlenilmegi hem ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habar her birimiziň buýsanjymyza buýsanç, şatlygymyza şatlyk goşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegi, sebitde we dünýä giňişliginde parahatçylygy, ynanyşmagy, hoşniýetliligi, dostlugy berkitmek ugrundaky tagallalaryň rowaçlanmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Umumadamzat ähmiýetli, il-ýurt ähmiýetli başlangyçlary, döwletli tutumlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.