BAGTYMYŇ GÖZBAŞY BEDEW

Müňýyllyklary öz içine alýan taryhyň gatbar-gatbar sahypalarynda türkmen bedewi wepadarlygy, duýgurlygy, ýyndamlygy, gözelligi bilen älem-jahany haýrana goýupdyr. Eýesiniň gamly güni gardaşy, syrly güni syrdaşy, toý güni göwünhoşy bolan bedewini türkmen aga hiç wagt haýwan hasaplamandyr, onuň idegini bolsa özüne siňdirýän yhlasyndan hem artyk edipdirler. Şeýle yhlas siňdirilip, kämillige ýetirilen ahalteke bedewlerine şalar, soltanlar aşyk bolupdyrlar, sebäbi bu ýyndam jandar diňe bir gözelligi bilen meşhur bolman, eýsem wepadarlygy bilenem meşhurdyr. Ony Isgender Zülkarnaýynyň Busefal diýen ahalteke bedewiniň söweş meýdanynda akyla sygmajak çylşyrymly kowum-gaçymlary edip, öz eýesini birnäçe sapar şuwlap gelýän peýkamlardan, gezelýän naýzalardan halas edendiginiň mysalynda-da görmek bolýar. Busefal ýogalanda Zülkarnaýyn wepadar «jan penasyny» ynsan jaýlan dek jaýlap, onuň hormatyny şäher gurdurýar. Isgender heniz ýetginjek döwürlerinde Filip Makedonlynyň köşgüne bu bedewiň Parfiýadan getirilengine bolsa taryh güwä geçýär.

Taryhy çeşmelerde diňe bir ahalteke bedewlerimiz däl, eýsem, ýomut atlarymyzyň hem uly aýlawlarda uly meşhurlyk gazanandygyna şaýatlyk edýän maglumatlar bar. 1945-nji ýylda Moskwa şäherinde 8 tohumdan ybarat bolan atlaryň gatnaşmagynda 500 kilometr aralyga geçirilen ýaryşda Tarlaň atly ahalteke bedewi birinji orna mynasyp bolan bolsa, ikinji bolup pellehana ýomut atynyň gelendigi mälimdir.

Türkmenler söweşde münülýän atlary, «jeň atlary» ýa-da «söweş atlary», ilçiniň habaryny ýetirmekde ulanylýan atlar «çapar atlary», işde ulanylýan atlary «iş atlary», «araba atlary», toý-meýlise münülýän atlary «dabara atlary», «oýun atlary», tohumlyk atlary «höwür atlary», awa-şikara çykylanda münülýän atlary bolsa «aw atlary» ýaly atlandyrypdyrlar.

Merjen NURMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Aprel 2025 | 52 okalan

MELHEM MIWELER

18 Aprel 2025 | 119 okalan

HALAL ZÄHMETIŇ MIWESI

18 Aprel 2025 | 99 okalan

ATDA GÖZELLIK BAR