Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýe bilen sportuň adamyň saglygyna, şol sanda ruhy ýagdaýyna edýän täsiri uludyr. Sport adamyň beden agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak, kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrmak bilen, adamyň ýeňişlere bolan erkini, özüne ynamlylygyny, maksada okgunlylygyny terbiýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bedenterbiýe we sport baradaky komiteti bilen bilelikde guramagynda Balkan welaýat köpugurly sport toplumynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport bäsleşiginde talyp ýaşlar öz aralarynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka, gylyçlaşmak görnüşleri boýunça bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny, erjelliklerini görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmäge, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.