DÖWLET GÜZER ETSE, TAPAR ÝOLUNY

Döwletli döwranlylygyň, bagta hemdem rysgal-bereketliligiň tarypy bolup ýaňlanýan makalamyň başyny biz — ýaşlaryň ýüregimizde gaýnap joşýan beýik maksatlarymyza ýetmekde, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, dünýä tehnikalaryndan baş çykarýan kämil adamlar bolup ýetişmegimizde çäksiz uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza bolan ýürek buýsanjymyz bilen başlamakçy. Sebäbi bu gün biziň maşgalamyzyň şatlyk-begenji edil Jeýhun derýasy ýaly dolup-daşýar. Neneň tolgunmajak, joşmajak?! Haçan-da, uly bir Diýaryň, ýurduň Baştutany döwrebap, ähli amatlyklary bolan mermer binadan maşgalaňy paýly edip, jaý toýuňa gatnaşmaga gelende, begenjiňden ýaňa başyň gök direýän eken.

Gahryman Arkadagymyzyň gadymy Lebap topragyna gadam goýmagy we täze ýaşaýyş jaý toplumyny açyp bermegi bu binalardan paýly her bir ynsany aňrybaş derejede tolgundyrdy. Hormatly Prezidentimiziň biziň öýümize ýetip gelýändigini duýanymyzda bolsa, doganlar bolup şatlygymyzdan ýaňa biri-birimizi toý güni bilen aldygyna gutlap ugradyk. Şol pursat kakam — Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hezretguly Babakulow başyny buýsançly tutup, özüni rastlamaga howlugýarka, ejem — Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň mugallymy Ýazgül Hallyýewa ýürek tolgunmasyndan ýaňa gözüni ýaşa dolduryp, Gahryman Arkadagymyzy doga-dileglere, ak alkyşlara besleýärdi. Edebiýat mugallymy bolansoň onuň ýürek buýsanjy goşgy-gazal bolup owazlanýardy. Ejem:

Owwal-a mal ýagşy, maldan baş ýagşy,

Baş döwletin tapan mala seretmez

— diýipdir Magtymguly atamyz. Halkymyza peşgeş berýän döwletli-döwranlaryňa döneli, Gahryman Ogul! Pederlerimiz: «Şa gadamy düşen ojak keremlidir» diýipdirler. Kerem-keramatly illerimize guwanaly! Siziň ýaly Hakdan Halatly Perzendi ösdürip ýetişdirmek bize-de nesip etsin. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýen dilleriňize güller bitsin! — diýip, alkyş üstüne alkyş aýdýardy. Gahryman Arkadagymyz öýümize gelende, doganlarym — Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň müdiri Wepa Babakulow, şäher häkimliginiň hünärmeni Gunça Babakulowa, polisiýa işgäri Atajan bilen «Amyderýa» kenar berkidiş kärhanasynyň işgäri Şöhrat dagy uly toýuň aladasy bilen halkyň hyzmatyndadylar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlar bilen ylym-bilimde, saglygy saklaýyşda we beýleki ulgamlarda alyp barýan dost-doganlyk hyzmatdaşlyklarynyň netijesinde ekiztaýym Ahmet ikimize hem iň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan, Ukraina döwletiniň Harkow şäherindäki Gurluşyk we binagärçilik uniwersitetinde bilim almak bagty miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara berýän aýratyn ünsüniň netijesinde häzirki döwürde men Türkmenabat şäher Ýaşlar guramasyna ýolbaşçylyk edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrmakda yhlasly zähmet çekýärin. Hormatly Prezidentimiziň mukaddes ojagymyza gelip, jaý toýumyz bilen gutlamagy, ejeme toý haladyny ýapyp, maşgalamyzy sowgatlamagy başymyzy Arşa ýetirdi. Sowgatlaryňyz üçin taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz! Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleriňiz rowaç alsyn! Biz — ýaşlar elmydama eziz Watanymyzyň, mähriban il-ulsumyzyň, Gahryman Arkadagymyz, Siziň hyzmatyňyzdadyrys!

Ýusup BABAKULOW,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

 

Hudaýnazar MERDANOW,

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň okuwçysy:

— Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary. Mähriban Arkadagymyz körpeleriň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmegi üçin uly alada edýär. Ine, bu ýylky Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň dynç alyş möwsümi şatlyk-şowhuna beslenip dur. Sebäbi, mähriban Arkadagymyz biziň welaýatymyza gelip, täze ýaşaýyş toplumyny açyp berdi. Mähriban Arkadagymyzyň Şa gadamy düşen topragynda biz — çagalaryň geljegi üçin ýene bir täze binanyň düýbi tutuldy. Bu biziň her birimiziň kalbymyza ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.

Nabat JANMYRADOWA,

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň okuwçysy:

— Mähriban Arkadagymyz bilen didarlaşmak çaga kalbymy heýjana saldy. Bu gün meniň üçin iň bir ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Welaýatymyzda tutulan şanly toý mynasybetli goşgudyr aýdymlarymyz bilen hormatly Prezidentimizi garşyladyk. Türkmenabat şäherimiz has-da gözelleşdi. Çagalar üçin niýetlenen ýörite meýdançalarda wagtymyzy hoş geçirýäris. Biziň şadyýan çagalygymyz üçin mähriban Arkadagymyzyň ömri uzak bolsun!

Oraz HAKBERDIÝEW,

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň okuwçysy:

— Ak binalar şäherimiziň görküne görk goşýar. Aýratynam, gijelerdäki täsin yşyklar köçelere nur çaýýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäherimiziň şanly wakalary mynasybetli ýadygärlik ýazgysyna gol çekdi. Bu bolsa biz — çagalar üçin aýratyn sowgatdyr. Bu pursat çar ýanymyzdaky dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterip, töwerege ýakymly şatlyk paýlady. Watanymyzyň her künjegini ýatdan çykmajak wakalara besleýän Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys!

“Nesil” gazeti,

23.06.2018ý.

Meňzeş habarlar