TÄSIRLI GEÇEN OKUW MASLAHATY

Golaýda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagynda jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Zorlukly ekstremizmiň we terrorçylyga eltýän radikalizmiň zyýany babatynda okuw maslahaty geçirildi.

Bu okuw maslahatyna Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň harby-syýasy meseleler bölüminiň müdiri jenap William Leaf we bilermenler gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda zorlukly ekstremizm, gender deňligi, radikalizasiýa, media we maglumat sowatlylygy dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar tarapyndan dürli soragnamalar çözüldi we özara pikir alşyldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny, Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde durmuşa geçirilýän netijeli işler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar