“Zähmet soňy rähnet” diýip, halkymyz ýöne ýere aýtmandyrlar. Halal zähmetden gelýän gazanjyň rysgal-bereket çeşmesidigine bolan ynanç halkymyzyň asylly ýörelgeleri bilen utgaşyp, biziň nesillerimize miras galan mukaddes ýörelgedir. Ýaş nesillerimizi bu mukaddes miras galan ýörelge esasynda terbiýeläp ýetişdirmek biziň her birimiz üçin parz hem borçdur. Bu tymsal hem zähmetden gelýän gazanjyň rysgal getirýändigini, bagt diýen dagdan inýän bereket çeşmesi ýaly biziň durmuşymyzy gülledýändigini ýene-de bir gezek subut edýär.
Gadym wagtlarda bir patyşanyň üç sany ogly bolupdyr. Ol ogullaryna zähmet terbiýesini bermek maksady bilen, olary synagdan geçirmegi makul bilipdir. Bu synag arkaly ogullarynyň zähmetsöýerligini barlар görmek isläp, hersiniň eline 40 tümen berip:
- Ogullarym, siz şunuň bilen güzeran aýlap, bir hünäriň eýesi boluň-diýip, ak pata berip ugradypdyr. Üç oglanyň hersi her ýana gidip, öz durmuş ýoluny tapmaga rowana bolupdyr.
Aradan wagt geçensoň, uly ogly birinji bolup, yzyna dolanyp gelýär. Atasy uly oglundan nep bolmajagyna göz ýetirýär. Çünki ol berlen puly biderek harçlapdyr. Bir ýurtdan köp haryt alyp, başga ýurda satmak üçin baryp, söwdagärlik etmek isläpdir. Ýöne gymmat alyp giden harytlary baran ýurdunda arzan bolansoň, ýüregine düwen pikiri amala aşmandyr. Şeýlelik bilen, ýerliksiz ulanylan gazanç netijesiz tamamlanypdyr.
Ortanjy oglan atasynyň beren puluna ullakan naharhana satyn alypdyr. Ýöne girdejiden çykdajy köp bolansoň, ol hem yzyna boş dolanyp gelipdir.
Körpe ogly bolsa, berlen pula uly bolmadyk mes toprak mellek satyn alypdyr. Her ýyl iki hasyl ýetişdirip, özüne geregini alyp, galanyny ýygnap, köp girdeji bilen yzyna dolanypdyr. Ol diňe melleginde ekin ekmän, melleginiň gyralaryna köp sanly miweli agaçlary hem ekipdir. Bu bolsa, şol ýere baran adamlara saýa bolupdyr. Mellegiň agaçlaryndan önen bol miweleri gören täjirler bolsa, oglanyň diýen bahasyndan satyn alansoň, ýaş şazada ondan hem köp girdeji gazanypdyr.
Şeýdip, patyşa körpe oglundan hoşal bolup, zähmet çekseň soňunyň rehnet bolup eçiljekdigini ogullaryna nesihat edipdir.
Jeýhun DÖWLETGELDIÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.