WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda şäher bilim bölüminiň, şeýle-de harby-hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek maksady bilen, 10-njy takyk ugurly ýöriteleşdirilen orta mekdebinde bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýaş nesli watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olary ahlak taýdan arassa we lebzi halal adamlar edip ýetişdirmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, dürli nogsanlyklardan gaça durmak barada täsirli gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny parahat durmuşda, eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar