Türkmen hokkeýçileri Stambulda (Türkiýe) geçirilýän dünýä çempionatyna «A» toparyň üçünji bölüminde Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny ýeňmek bilen 3:1 (1:1, 0:0, 2:0) başladylar.
Halkara hokkeý federasiýasynyň (HHF) howandarlygynda geçýän bu ýaryşa alty topar gatnaşýar. Bir aýlawly ýaryşa «B» toparyň ikinji bölümine geçmek ugrunda Bosniýa we Gersegowinanyň, Lýuksemburgyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Günorta Afrika Respublikasynyň we Türkmenistanyň toparlary gatnaşýarlar.
2025-nji ýyl dünýä çempionatynda Türkmenistanyň adyndan üç klubdan saýlanan 19 hokkeýçi çykyş edýär: Içeri işler ministrliginiň «Galkan» klubundan – 12, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» klubundan – 5, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan» kluby bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Alp Arslan» klubunyň hersinden bir adam.
Türkmen hokkeýçilerine ýeňiş aňsat düşmedi. Birinji döwürde garşydaşlaryň hersi bir gezek tapawutlandylar. Musa Annasaparowyň 5-nji minutda geçiren goluna bosniýalylar 14-nji minutda Tarik Kreniçiň takyk urgusy bilen jogap berdiler.
Ikinji 20 minut golsuz geçdi. Diňe soňky döwürde Ylýas Weliýewiň şägirtleri 47-nji we 50-nji minutda Bosniýa we Gersegowinanyň toparynyň derwezesine iki gol geçirip, ýeňşi olaryň elinden almagy başardy. Bu gollar Kerwen Baýlyýew bilen Döwlet Hydyrowyň hasabyna ýazyldy.
Birinji tapgyryň beýleki iki oýnunda Gyrgyzystanyň ýygyndy topary Günorta Afrika toparyndan 5:2 hasabynda üstün çykdy, ýaryşyň eýeleri türkler bolsa Lýuksemburg toparyny 7:1 hasabynda mäkäm ýeňlişe sezewar etdi.
Erkekleriň arasynda hokkeý boýunça dünýä çempionaty 5 bölüme bölünen ulgama laýyklykda geçirilýär – TOP (iň ýokary) bölümi, 1, 2, 3 we 4-nji bölümler. Her bölümde özbaşdak ýaryş geçirilýär. Bölümler arasynda toparlaryň ýyllyk süýşmesi bolýar, ýagny iň gowy toparlar has ýokary bölüme geçýärler, iň ýaramazlar bolsa has pes topara geçirilýär. TOP bölümi ýaryşynyň ýeňijisi dünýä çempiony diýlip yglan edilýär.
turkmenistan.gov.tm