WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat prokuraturasy, welaýat polisiýa müdirligi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebinde 11-12-nji synp okuwçylaryň gatnaşmagynda “Soňky jaň” dabarasynyň guramaçylykly geçirilmegini gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän netijeli işler, ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goragy, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, şeýle hem “Soňky jaň” dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin tertip-düzgün kadalaryny berjaý etmegiň wajyplygy dogrusynda söhbet etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sähragül IŞANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar