ATYM BAR — GANATYM BAR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli işlerini üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmekde, atçylyk sportuny ösdürmekde we at üstündäki milli oýunlaryny wagyz etmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny bütin dünýäde belende has götermekde bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti örän uludyr.

Täze taryhy döwürde ahalteke atlaryna goýulýan sarpa, atçylygy ösdürmekde edilýän tagallalar Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelerde has äşgär ýüze çykýar. Şanly senäniň çäginde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň, atlaryň uzak aralyga ýöriş-marafon bäsleşiginiň geçirilmegi, şeýle-de bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, foto suratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Elbetde, iň gowy bedewi seçip almak halkymyzyň gadymdan gelýän däbidir. Şunda bedewiň diňe bir ýyndamlygy, çydamlylygy bilen birlikde, onuň , gylyk-häsiýetine, daşky görnüşine hem baha berlipdir. Şoňa görä-de, bu gün halkymyzyň atşynaslyk däplerini ösdürmäge, behişdi bedewleriň bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga gönükdirilen ahalteke atlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşik naýbaşy atlary ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmegine itergi berýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň häzirki şatlykly günlerinde bagtyýar halkymyzyň behişdi bedewleriniň şanyna uludan toý toýlaýar. Bu gün halkymyzyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Akmyrat TOÝÇYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar