Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly ýatdan çykmajak şanly wakalar bilen orun alýar. Bu ýyl Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan döwletimiziň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, medeniýetini hem-de medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek babatda aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Amuldan Hazara çenli halkara awtorallisini guramak pikirini öňe sürmek bilen 2018-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Karara gol çekdi we «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklandy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlary häzirki wagtda täze görnüşde döredilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, ata Watanymyzyň halkara gatnaşyklaryndaky sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dost-doganlygyň, bedenterbiýäniň we sportuň barha rowaçlanýan ýurdy hökmünde Ýer ýüzünde uly abraý-mertebä eýe bolan Watanymyzyň milli Liderimiziň başlangyçlary netijesinde Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda dünýä ýaýjak «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlary ýurdumyzyň her bir raýatyny çäksiz buýsanja beslär. Nesip bolsa, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň altyn güýzünde hem biz ýene-de dünýä ýüzünden geljek myhmanlara garaşýarys. Bu halkara çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan awtorallä gatnaşjaklar diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösüşi bilen bu meşhur ýerlere gelýän täze durmuşy hem görüp bilerler. Bu sport ýaryşlary ýaş nesillerde sporta, sagdynlyga bolan höwesi döreder.
Gahryman Arkadagymyz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýar. Sagdyn jemgyýeti berkarar etmegiň ilkinji şertleriniň biri-de sporty, bedenterbiýäni, saglygy goraýşy ýaýbaňlandyrmakdyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Biz geljekde hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanarys. Biziň sport babatda gazanýan üstünliklerimiz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrýar. Türkmenler dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli halkdyr, munuň şeýledigini ähli yklymlar-da bilýärler. Geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede geçirildi, ony gerimi boýunça Olimpiýa oýunlary bilen deňeşdirmek bolar. «Aziada — 2017» tutuş dünýäde uly seslenme döretdi».
Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýol açýar. Häzirki wagtda «Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň täze görnüşde dikeldilýän gadymy meşhur ýol boýunça geçýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir. Türkmenistanyň çägi bu ýoluň ýüregi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özi sport awtoralliniň sürüjisi hökmünde ýaryşlaryň geçiriljek ýoluny synagdan geçirmäge diýseň işjeň gatnaşýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatynda amala aşyran iş saparynyň çäklerinde awtomobil ýaryşlarynyň badalga meýdançasynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýoluň başlangyç böleginde synag tapgyryny geçmegini hem-de onuň tebigy päsgelçiliklerden ussatlarça geçmegi başarandygyny görkezmek bolar. Şonuň ýaly-da şu ýylyň maý aýynda döwlet Baştutanymyzyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşmagyny, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisinde Türkmenistanyň wekilçilik etjek toparlarynyň kesgitlenilmegini görkezmek bolar.
Häzirki tomus paslynyň dowam edýän günlerinde gojaman Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanyşmagy, ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etmegini, şeýle hem öňde boljak halkara ähmiýetli ýaryş barada žurnalistleriň beren sowallarynyň jogaby guwandyryjydyr. Milli Liderimiz her bir adamynyň elmydama hereketde bolmagyny, dynç almagyny, şonuň bilen birlikde hem iş bilen meşgul bolmagyny, sportuň adam saglygyna ýetirýän täsiriniň juda uludygyny nygtaýar.
Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky ynamy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garaýar. Türkmenistan halkara guramalary we düzümleri: Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýa Olimpiýa Geňeşi, Aziýanyň Sambo federasiýasy we dünýäniň beýleki iri halkara sport komitetleri we federasiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzda sport babatynda halkara guramalary bilen bilelikde guralýan dürli halkara ylmy maslahatlar hem-de forumlar yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 9-njy iýunynda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine hem-de onuň çäklerinde geçirilýän welosipedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna bagyşlanan mediaforumyň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sportuň we bedenterbiýäniň ösüşine döwlet derejesinde alada edilýänliginiň aýdyň miwesidir.
Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny ösdürmek we parahatçylyk söýüjilikli ýagdaýlary işjeň ilerletmek boýunça durmuşa geçirýän tagallalaryna ýokary baha berilýär. Sport adamlaryň sagdynlygyny gazanmak bilen birlikde halklaryň we ýurtlaryň arasynda özara dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine badalga berýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna hem-de Jakarta (Indoneziýa) şäherinde boljak tomusky Aziýa oýunlaryna we beýleki iri halkara bäsleşiklerine taýýarlyk görülmegi hem subut edýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Halkara Olimpiýa komitetiniň Türkmenistanyň toparlaryny 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga iberen çakylygyny kabul etmek baradaky Karara gol çekmegi döwlet Baştutanymyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy-dikeldiş we taryhy-medeni desgalaryň giň toplumy syýahatçylygy söýýänler üçin açykdyr. Olara «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, meşhur şypahanalar, Nusaý, Dehistan, Köneürgenç, Köýtendag, Gadymy Merw ýaly taryhy meşhur ýadygärlikler, şeýle hem jahankeşdeler üçin gyzyklanma döredýän beýleki künjekler degişlidir. Bu taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikler halkara ýaryşlaryna gatnaşýanlara hem-de onuň janköýerlerine ýurdumyzyň taryhy ýerleri bilen tanyşmaklary üçin uly mümkinçilikdir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çapdan çykan «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitapda: «Sport — bu hereketdir, diňe öňe, ýeňişlere tarap gitmekdir. Sport — bu saglykdyr, gözellikdir. Sport — bu güýçdür, ynamdyr. Sport — bu dostlukdyr, mert gatnaşykdyr, dünýäni abadançylyga ýetirmegiň ugrudyr. Sport — bu durmuşyň lezzetini duýup ýaşamakdyr» diýilýär. Üstümizdäki ýylda geçiriljek «Amul — Hazar 2018» halkara ýaryş köp sanly myhmanlaryň hakydasynda hemişelik saklanar hem-de dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ähmiýetiniň ykrar edilmegine ýurdumyzyň ýene-de bir goşandy bolar. Şeýlelikde, bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan eziz Watanymyzyň häzirki taryhyna täze aýdyň sahypalary açar.
Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň
uly ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
17.07.2018ý.